Поиск

Halkara bilim we hyzmatdaşlyk dolandyryşy

Halkara bilim we hyzmatdaşlyk dolandyryşyň ösüşi –uniwersitetiň döwrebap tapgyrynda işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Halkara bilim we hyzmatdaşlyk dolandyryşy bu ýokary okuw jaýynda bu meselelere gözegçilik edýän gurluşdyr.

Dolandyryşyň başlygy Mazur Albert Wasilýewiç

Tel./faks +74732538610

Habarlaşmak üçin:
Poçta salgysy: 394087, Russiýa, Woronež ş. Lomonosow köç.,  j-87.
Tel.: +74732538610
Tel.: +74732537498
e-mail: interdept@vglta.vrn.ru

Biziň hyzmatdaşlarymyz
WDTTU-i hyzmatdaşlyk hakynda uzak möhletli şertnamalary bar bolup daşary ýurt ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaş gatnaşyklaryny gurdy we hemişe ösdürýär. Gol çekilen ylalaşyklaryň çäginde WDTTU-ň mugallymlary we alymlary halkara maslahatlaryna gatnaşýarlar, iş tejribeligi bilen çalyşýarlar, bilelikde bildirişleri taýýarlaýarlar, önümçilik taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar we ş.m. Uniwersitetiň talyplary, hyzmatdaş ýokary okuw jaýlary arasyndaky iki taraplaýyn esasynda tejribeliklerini, tomusky önümçilik tejribeliklerini we hat-da öz okuwyny aspiranturada dowam etdirmek mümkinçilikleri bar. Halkara bilimiň giňeldilmegi we çuňlaşdyrylmagy – russiýa bilim integrasiýa şertlerinde WDTTU-ň halkara işiniň möhüm düzümidir.
Biziň hyzmatdaşlarymyz:

  • Serbiýa Respublikasy - Nowi Sad şäherinde uniwersitet
  • Çehiýa Respublikasy - Çehiýa agrouniwersiteti, Praga ş.
  • Çehiýa Respublikasy - Mendel adyndaky oba hojalyk we tokaý uniwersiteti, Brno ş.
  • Slowakiýa - Zwolen şäherindäki Tehniki uniwersiteti
  • Germaniýa - Federal oba hojalyk territoriýalaryň, tokaý hojalygyň we balyk goragyň ylmy-barlag instituty
  • Finlýandiýa - Tejribe ähmiýetli ylymlaryň uniwersiteti HAMK, Hýameýenlinma ş.
  • HHR - Syçuan daşary ýurt dilleriň uniwersiteti, Çendu instituty
  • HHR - Merkezi günorta tokaý hojalyk we tilsimat uniwersiteti, Çanşa ş.
  • HHR - Nankin tokaý uniwersiteti
  • HHR - Pekin tokaýçylyk uniwersiteti, Pekin ş.
  • HHR - Jiužou hünär-tehniki kolledž
  • Irak - Irak Respublikasynyň parlamentiniň bilim boýunça topary
  • Täjikistan - M.Ç.Osimi akademigiň adyndaky Täjik tehniki uniwersiteti, Duşanbe ş.
  • Täjikistan - Täjikistan Respublikasynyň ylymlar akademiýasynyň suw meseleleri, gidroenergiýa we ekologiýa instituty
  • Täjikistan - Täjikistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrligi
  • Gyrgyz Respublikasy - Batkent döwlet uniwersitetiniň Gyzyl-Kiýa tilsimat, ykdysadyýet we hukuk instituty, Gyzyl-Kiýa ş.
  • Gyrgyz Respublikasy - Oş döwlet uniwersiteti, Oş ş.
  • Gyrgyz Respublikasy - Oş tehniki uniwersiteti, Oş ş.
  • Gyrgyz Respublikasy - Gyrgyz-Özbek uniwersiteti, Oş ş.
  • Gyrgyz Respublikasy - Batkent döwlet uniwersiteti
  • Ukraina - Harkow milli awtomobil-ýol uniwersiteti
  • Ukraina - Ýerkas döwlet tilsimat uniwersiteti
  • Ukraina - Ukraina döwlet himiki-tilsimat uniwersiteti
  • Ukraina - Priazow döwlet tehniki uniwersiteti

Daşary ýurt raýatlaryň okuwy

Uniwersitet hakynda

G.F.Morozow adyndaky Woronež döwlet tokaý tehniki uniwersiteti, ýurdyň ähli ýokary okuw jaýlary giren “2015-nji ýylda RF-ň ýokary okuw jaýlaryň bilim berijilik reýtinginiň” oba hojalyk ýokary okuw jaýlaryň öňde baryjylaryň üçüsiniň içine girdi. Häzirki wagt uniwersitetde dünýäniň  20 ýurdyndan gowrak 470 daşary ýurt talyplar okaýar. Daşary ýurt raýatlaryň biziň uniwersitetimizde bilim almak gyzyklanmasy ilki bilen tejribeligiň mümkinçilikli ugurlary, bilimiň dürli görnüşleri, bilim hyzmatlaryň hil we baha aragatnaşygy bolup durýar. Woronež şäheriniň geografiki ýerleşişi möhüm bolup durýar – Russiýanyň iň merkezinde, Moskwadan 500 km.

Bilim bermek hyzmatlary

G.F.Morozow adyndaky Woronež döwlet tokaý tehniki uniwersiteti, daşary ýurtlar üçin hünärmenleri taýýarlamak ugrynda köp ýyllyk tejribesi bar. Daşary ýurt raýatlary uniwersitetde aşakda berlen bilim hyzmatlary alyp bilýärler:

  • ýokary okuw jaýyndan öňki taýýarlyk;
  • bakalawr we magistr derejeleri üçin maksatnama boýunça okuw;
  • aspiranturada we doktoranturada okuw.

TAÝÝARLYK UGURLARY

WDTTU ýylynda bilimiň iki derejeli ulgamy boýunça taýýarlyk alnyp barylýar: bakalawr we magistratura.

Bakalawr derejesi boýunça taýýarlygyň ugurlary:
Dolandyryş (menejment)

Önümçilik dolandyryş
Döwlet we munisipal dolandyryşy
Ykdysadyýet
Dünýa ykdysadyýeti
Buhgalter hasabaty, seljeriş we audit
Kärhanalar we guramalaryň ykdysadyýeti
Tilsimat maşynlary we enjamlar
Ulag-tilsimat maşynlaryň we toplumlaryň ulanyşa girizilşi

Awtomobiller we awtomobil hojalygy
Awtomobil hyzmaty
Ulag işleriň tilsimaty
Hereket guramaçylygy we howpsuzlygy
ÝUH-ň derňewi we ekspertizasy
Daşama guramaçylygy we awtomobil ulagynda dolandyryş
Agaç taýýarlaýyş we agaç işläp taýýarlaýan önümçilikleriň tilsimaty
Agaçdan mebelleriň,  materiallaryň we önümleriň tilsimaty
Tokaý senagat we gurluşyk önümçilikleriň tilsimaty
Tokaý senagat işi
Mebeliň dizaýny.
Maglumat ulgamlary we tilsimatlar
Tilsimat işleriň we önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagy
Tokaý işi
Landşat binagärçiligi
Ekologiýa we tebigaty ulanyş

Magistraturanyň taýýarlyk ugurlary:
Tilsimat maşynlar we rnjamlar
Landşat binagärçiligi
Tokaý işi
Ulag-tilsimat maşynlaryň we toplumlaryň ulanyşa girizilşi
Ulag prosesleriň tilsimaty
Dolandyryş
Ykdysadyýet
Maglumat ulgamlary we tilsimatlar
Tokaý senagat we gurluşyk önümçilikleriň tilsimaty
Ekologiýa we tebigaty ulanyş
Tilsimat işleriň we önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagy
Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Elektron poçta: interdept@vglta.vrn.ru
Tel/faks: 7 4732538610;
Tel: 7 4732537498
RF-ň raýatlary, we watandaşlary bilen umumy esaslarda girýän daşary ýurt raýatlar üçin kabul ediş düzgünleri.

 Medeni we sport çäreleri.
Biziň uniwersitetimizde her ýyl Ýakyn we Uzak daşary ýurtlarynyň medeniýet güni geçirilýär, ol ýerde daşary ýurt we russiýa talyplary aşpezlik, aýdym, sahna we beýleki ukyplaryny görkezip bilýärler. Daşary ýurtly talyplar öz ýurtlarynyň medeniýeti, däp-dessurlary we adatlary barada aýdyp berýärler. Her ýyl maý aýynda sportyň birnäçe görnüşi boýunça halkara milli spartakiada geçirilýär.

1972-2015 ýyllar aralygynda daşary ýurtlary üçin 1100-den gowrak ýokary hünär derejeli hünärmenler taýýarlandy, olardan 63 adam tapawutlandyrylan diplom aldy. daşary ýurt uçurymlary Türkmenistanyň, Laosyň, Wýetnamyň we Nikaraguanyň hökümetlerinde işleýärler, Keniýada, Ruandada, Siriýada we Efiopiýada ministrlikleriň müdirliklerine, banklarynda ýolbaşçylyk edýärler, öz ýurtlaryna halkara guramalarynda wekilçilik edýärler, tokaý hojalygyň we agajy gaýtadan işläp taýýarlaýan önümçiligiň kärhanalaryna, dünýäniň köp ýurtlarynyň ýokary okuw jaýlaryň we ylmy-barlag merkezleriň kafedralaryna we barlaghanalaryna ýolbaşçylyk edýärler.
Uniwersitet öz uçurymlary bilen aragatnaşyk saklaýar, olary aspiranturada bilim almaklary, hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin gysga möhletli synag tejribeligi üçin kabul edýär, şeýle hem ýokary okuw jaýyň gurnaýan halkara maslahatyna gatnaşmak üçin çagyrýar.
Biziň uniwersitetimiziň talyplary öňdebaryjy russiýa we dünýä şereketleriň bazasynda okuw we önümçilik tejribeliklerini geçýändigi sebäpli, zähmet bazarynda biziň uçurymlarymyza hemişe talap bar. Iş berijiler olara bäsdeşlige ukyply zähmet haklaryny we soňraky hünärini ösdürmek üçin uly mümkinçilikler teklip edýärler.

Daşary ýurt talyplary kabul ediş şertleri
G.F.Morozow adyndaky Woronež döwlet tokaý tehniki uniwersiteti taýýarlyk bölümi, bakalawr, magistratura, aspirantura, doktorantura we ş.m. maksastnamalar boýunça bolup biljek talyplaryndan arzalaryny kabul edýär.
WDTTU-ne girmek üçin bize (elektron ýa-da adaty poçta boýunça) aşakdakylary ugratmaly:
Arza (özbaşdak görnüşde),
Pasport nusgasy,
Orta mekdebiň şahadatnamasynyň (sertifikatyň) nusgasy,
Bakalawr, hünär ýa-da magistratura (eger-de bar bolsa) derejeleri boýunça  diplomyň nusgasy,
Bilim almak üçin garşy görkezmeleriň ýoklygyny tassyklaýan saglyk kepilnamasy.
Ähli zerur resminamalar tabşyrlandan soň WDTTU size uniwersitetde bilim almak üçin ikitaraplaýyn çakylyk ugradýar. Okuw şertnama esasynda. Eger-de size ýurdyňyzda ýerleşýän Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynda wiza almak üçin şertnama gerek bolan ýagdaýynda, bu barada habar bermeli. Eger-de wiza almak üçin şertnama görkezmek zerurlygy ýok bolsa, uniwersitete gelenden soň berilýär. Şertnama öz içine okuw we umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak bahasyny alýar. Ätiýaçlandyryş saglyk polisy we hasaba alynşy üüçin töleg aýratyn geçirilýär. Talyp uniwersitete gelen gününden 3 güniň dowamynda tölegi geçirmelidir.
Okuw we umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak üçin bahasyny goşmaça anyklamaly!

  • Goşmaça okuw, hususan iki diplomly maksatnama;
  • Tejribeligiň dürli görnüşleri;
  • Rus dili okuwy.

Daşary ýurt raýatlary üçin taýýarlyk bölümi
Uzak we ýakyn daşary ýurtlaryndan bize gelýän daşary ýurt raýatlary köplenç uniwersitetde öz okuwyny  taýýarlyk bölüminde başlaýarlar, o ýerde olar rus dilini öwrenýärler, şeýle hem soňky öziniň hünärine baglylykda belli profili boýunça taýýarlyk geçýärler.

Daşary ýurt raýatlaryň uýgunlaşmagy
Uniwersitet daşary ýurt talyplaryň täze durmuşyň hakykatlaryna üstünlikli uýgunlaşmagy üçin ähli şertleri döredýär. Uniwersitetiň işgärleri täze gelen daşary ýurt talyplary, olaryň Russiýa gelen ilkinji günlerinden ýanlarynda bolýarlar, uniwersitet, şäher, umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak düzgünleri, uniwersitetde okuw işiniň  guramaçylygy, lukmançylyk kömegini bermek tertibi, wizany taýýarlamak we RF-nyň çäginde hasaba durmagyň tertibi (wiza kömegi ýokary okuw jaýynyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar), bolup biljek gündelik durmuş meseleleri bilen tanyşdyrýarlar.
Daşary ýurt raýatlaryň täze şertlere uýgunlaşmagy üçin, olaryň okuwdan daşary işleriň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirmeklik örän möhümdir. Daşary ýurt talyplar üçin aýdym, hor we tans toparlary, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary we ş.m. açylandyr.
Bu biziň ýurdumyzdaky durmuş şertlerine iň gysga wagtda uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär.

Daşary ýurt talyplary synama merkezi
Umumy maglumatlar
Biziň toparymyz
Bahalar
Synag geçýänler üçin maglumat
Täzelikler

Bilim bermek işini amala aşyrmak üçin Ygtyýarnama (goşundylar bilen)
Licen_07.05.15.pdf

Habarlaşmak üçin
Merkeziň ýolbaşçysy, Gridnewa Walentina Nikolaýewna – +7-950-774-54-31,+7-920-439-01-83
Tel.: (473) 253-76-05
e-mail: russ@vglta.vrn.ru
Salgysy: 394087, “WDTTU” ÝB FDBBE, Woronež ş., Timirýazew köç., j-8, aud.220

Iş tertibi
Duşenbe – Penşenbe  8:30-dan 17:30 çenli.
Anna güni 8:30-dan 16:00 çenli.
Arakesme 12:00-dan 12:42 çenli.

Merkeziň işi

  • Başlangyç, bazalaýyn, I-nji  we II-nji şahadatnamalaşdyrylan derejelere daşary ýurt dili hökmünde rus dili boýunça döwlet synagy;
  • Patent, wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama (WÝR), şahsy şahadatnama (ŞŞ) almak üçin zähmet migrasiýasynyň synagy;
  • RF-nyň raýatlygyny almak üçin synag;
  • Synaga taýýarlamak we şahadatnamalaşdyrylan synaglary tabşyrmak üçin daşary ýurt dili hökmünde rus dili okuwlary.

Daşary ýurt raýatlara synamagyň ýerli merkezi

G.F.Morozow adyndaky Woronež döwlet tokaý tehniki uniwersitetinde rus dili, psihologiýa we mugallymçylyk kafedrasynyň bazasynda Daşary ýurt talyplaryny synama merkezi açyldy. Merkeziň işgärleri daşary ýurt dili hökmünde rus dili, RF-niň taryhy we RF-niň kanunçylyk esaslary boýunça synagy, şeýle hem russiýa raýatlygyny almak üçin daşary ýurt dili hökmünde rus dili boýunça synagy (bazalaýyn dereje) kabul edýärler.  Bu işiň görnüşini amala aşyrmak üçin esas bolup “G.F.Morozow adyndaky Woronež döwlet tokaý tehniki uniwersiteti” ÝB FDBBE we “A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili instituty ”ÝB FDBBE arasynda baglaşylan ylalaşyk durýar.

“DURNUKLY ÖSÜŞIŇ IÇINDE TOKAÝ EKOULGAMLARYŇ BIO DÜRLI-DÜRLÜLIGINIŇ GORAGY”

Kafedra müdiriniň w.ý.ý.:
Biologiýa ylymlaryň doktory, professor HARÇENKO NIKOLAÝ NIKOLAÝEWIÇ
2009-njy ýylda G.F.Morozow adyndaky Woronež döwlet tokaý tehniki uniwersitetinde UNESKO-nyň  “Durnukly ösüşiň içinde tokaý ekoulgamlaryň bio dürli-dürlüliginiň goragy” kafedrasy gurnaldy (Merkezi-Çernozem  sebiti üçin ýeke-täk we Russiýada bioekologiki profiliň bäşinji kafedrasy).
Ylmy-usulyýet bölümçe - UNESKO-nyň  “Durnukly ösüşiň içinde tokaý ekoulgamlaryň bio dürli-dürlüliginiň goragy” kafedrasy (mundan beýläk - UNESKO-nyň  kafedrasy) ýokary bilim ulgamy üçin düzgün nukdaýnazarynda uniwersitetiň adaty okuw bölümçesi däldir. UNESKO-nyň  her kafedrasy – bu uniwersitet ara hyzmatdaşlygyň global torynda bir halkadyr.
UNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 21-nji sessiýasynyň çözgüdi boýunça 1991-nji ýylda esaslandyrylan   kafedralaryň bütindünýä maksatnamasy (UNITWIN/UNESCO Chairs) häzirki wagtda dünýäniň 125 döwletinde 626 Kafedralary we 20 ýöriteleşdirilen kafedralary birleşdirýär. Ol bilimiň, ylmyň, medeniýetiň we aragatnaşygyň aýratyn ugurlary boýunça global, sebitara. Sebitleýin we subsebitleýin derejelerinde ýokary okuw jaýlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin niýetlenendir.
UNESKO-nyň  kafedralary akademiki birlik düşünjesinde hereket edip, ýokary okuw jaýlaryň we ylmy edaralaryň, hökümetiň, ýerli häkimiýetleriň, telekeçi toparlaryň, raýat jemgyýetiň we ş.m. arasynda berk we durnukly aragatnaşyklaryň emele gelmegiň işinde höwes döredýär. Maksatnamanyň esasyny düzýän ýöreldesi okuw jaýlaryň doly we deň hukukly hyzmatdaşlygy bolup durýar, olar UNESKO-nyň  kafedralary arkaly, onuň çäginde dürli taslamalary başlaýarlar we amala aşyrýarlar, şunuň bilen birlikde uniwersitetiň awtomiýasyna  we akademiki erkinligine hormat goýýar.
UNITWIN/UNESCO Chairs maksatnamasynyň täze ýörelgeli ugurlar 2007-nji ýylyň aprel aýynda  UNESKO-nyň   Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 176-njy sessiýasy tarapyndan makullanan. Bu çözgüt UNESKO-nyň  kafedralaryny “think-tanks” we “bridge-builders” görnüşli gurluşa, ýagny täze bilimleriň emele gelmegi we olary bermegiň merkezleri, şol sanda dürli derejeli çözgütleri kabul etmeklige, üýtgedilmegine gönükdirýär.
UNESKO-nyň  kafedralarynyň aýratynlygy, olaryň döredilme we iş tertibinde ýüze çykýar. Her Kafedranyň hukuk esasyny UNESKO-nyň  Baş müdiri ýa-da degişli ýokary okuw jaýyň rektory tarapyndan gol çekilen, ony döretmek barada Ylalaşyk bolup durýar. Bu resminamanyň taýýarlanylşynda UNESKO-nyň  işleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň Topary we UNESKO-nyň  Sekretariatynyň degişli bölümi möhüm orny eýeleýärler. Hut şu resminama UNESKO-nyň  şu Kafedrasynyň maksatlaryny we wezipelerini, onuň gurmaçylyk we iş, şeýle hem UNESKO-nyň  we UNESKO-nyň  işleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň Topary öňünde hasabatlylyk tertibini kesgitleýär. Biologiýa, daşky gurşawy goramak we janly tebigatyň baýlyklaryny düzgünleşdirmek ugrynda döwrebap barlaglaryň we dünýä tejribeligi esasynda kafedra tokaý ekoulgamlaryň durnukly ösüşini we bio dürli-dürliligi goramak ugryndaylmy-barlaglary, hünärmenleri taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy alyp barýar, tebigaty goraýyş guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Iş döwri boýunça kafedranyň agzalary Keniýa Respublikasyna halkara ekspedisiýa gurnaldy, Ýewropanyň tokaý instituty (EIF), TEMPUS, E-URAL, FP-7 taslamalar boýunça Ýewropa topary, Hytaý döwlet ylmy barlaglaryň gaznasy (NCFC) bilen ylmy taslamalar amala aşyrylýar. Döwlet biosfera tebigy... bilen ylmy we bilim hyzmatdaşlygy alnyp barylýar.